Garaşsyzlygyň altyn ýoly

24 Sentýabr 2024
372

Türkmen halky döwlet Garaşsyzlygyny mukaddes gymmatlyk, nesilleriň bagtyýar geljeginiň binýatlaýyn esasy hökmünde kabul edip, milli ösüş ýolunda gazanylan gymmatlyklara mynasyp goşant goşmak üçin yhlas edýär. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary üstünlikli amala aşyrylyp, Garaşsyz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly syýasy, ykdysady, medeni galkynyşyň, parahatçylygyň, ösuşleriň şöhratly ýolunda belentlikleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Bu gün milli ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ugrunda düýpli özgertmeler geçirilýär, durmuş-ykdysady ösüş üstünlikli üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz Watanymyzyň köpugurly ösüşleri ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly ösdürilýär. Garaşsyzlygyň ýaş nesilleriň ykbalyndaky gymmaty has-da üýtgeşikdir, ýaşlaryň durmuşy, ösüş mümkinçilikleri döwletde döredilýän durmuş-ykdysady, syýasy şertlere baglydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşleriniň gymmatlygyna uly hormat goýýan, öz mümkinçiliklerini ösdürip, zähmeti bilen milli gymmatlyklara goşant goşmak arzuwynda joşýan, gurýan, döredýän täze nesil kemala gelýär.

Türkmen halky ata-babalaryň azat, özbaşdak döwlet baradaky arzuw-hyýallaryny durmuşda amala aşyrmak bilen, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadyny tutdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini goramak, maksatnamalaýyn ösüşleri yzygiderli durmuşa geçirmek baş wezipeler bolup durýar. Uly ösüşler, ähli ulgamy, pudagy gurşap alan giň möçberli özgertmeler, täze gurluşyklar, halkara giňişligindäki üstünlikler Garaşsyz Watanymyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar.

Gülnara ÝAGMYROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.