«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamyň peýdalaryny raýatlarymyza ýetirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Bagtyýarlyk etrap ÝJUT-i bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Sanly ulgam —üstünlikleriň açary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk oňa gatnaşan ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar durmuşyň dürli ugurlarynda netijeli işlemek üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.