Täzeçil çemeleşmeler – döwrebap ösüşler

17 Sentýabr 2024
493

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze mümkinçiliklerini açýar.

Gunça ABDYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 63-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.