«DIÝAR GUŞY»: MÖHÜM PUDAKDA SAZLAŞYKLY IŞLER

15 Sentýabr 2024
542

Ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýan işler hem oňyn netijelerini berýär. Halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulyk obasenagat toplumynyň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek ugrunda amala aşyrylan işleriň netijesinde Diýarymyzyň çar ýanynda döwrebap guş toplumlarynyň ençemesi işe girizildi. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Diýar guşy» hojalyk jemgyýetine degişli guşçulyk toplumydyr. Bu toplumyň kuwwaty guşçulyk toplumlarynda idetmek üçin niýetlenen broýler, ýagny etlik jüýjeleriň her ýylda 25 millionyny çykarmaga mümkinçilik berýär.

Hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň beýleki guşçulyk toplumlarynyň sargydy esasynda bir günlük broýler jüýjelerini taýýarlaýar. Şol jüýjeler 40 günüň içinde 2 kilogram agrama ýetip, soýuma taýýar bolýar. Toplumda et ugurly broýler towuklarynyň «Ross 308» tohumyna degişli jüýjeler çykarylýar. Munuň üçin enelik towuklaryň guzlan ýumurtgalary Belgiýa döwletiniň önümi bolan, innowasion tehnologiýa esasynda işleýän inkubirleme enjamyna ýerleşdirilýär. Öz ugrunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasynyň enjamynyň kömegi bilen çykarylan jüýjelere ýörite hünärmenler tarapyndan zyýansyzlandyryş işleri alnyp barylýar. Soňra ähli zerur şertler bilen üpjün edilen ýörite ulaglaryň kömegi arkaly jüýjeler müşderilere ýetirilýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.