Gabak

12 Sentýabr 2024
377

Gabak — türkmen we gazak dillerinden beýleki aglaba türki dillerde «kädi» manysynda ulanylyp, çekimlileri gysga aýdylýan gabak, aslynda, içi boş (suw, süýt, ýag salynýan) kädiniň adydyr. Ol «gow» sözünden we –ak goşulmasyndan durýar. Onuň manysy — «içi boş», «gowak» diýmekdir. Bu söz soňra gabak görnüşine geçip, türkmen dilinde-de ulanylypdyr. Muny geçmişde toýlarda çapyp barýan atyň üstünden ok-ýaý bilen ýokardan asylan içi boş gabagy nyşana urmak boýunça geçirilýän «altyngabak» diýen ýaryşyň ady tassyklaýar. Wagtyň geçmegi we manysynyň giňelmegi bilen suwkädiniň gabak diýilýän ady iýilýän kädilere-de geçýär. «Göz gabagy» manysyndaky ga:bak sözüniň täsiri netijesinde onuň birinji «a» sesi hem uzynlyk alýar (ga:bak). Ramstedt «gabak» sözüni başgaçarak düşündirýär. Onuň pikiriçe, «gabak» sözüniň, aslynda, «hobak» bolup, onuň «ho» (hu) bölegi «hytaý», «pak» bölegi hem «içi boş», «pak» manysyndadyr: «hytaý gabagy» (kädiniň koreýçe ady hopakdyr). «Gabak» diýen türki söz «gabak», «kobaçki» görnüşinde rus diline-de geçipdir. Rus dilinde ol iýilýän kädiniň ýasydan tegelek we ownugrak görnüşini aňladýar.

Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki» sözlüginden.