Şanly wakalara buýsanç

8 Sentýabr 2024
494

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdeleridir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary aýdyň şaýatlyk edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlykly-şowhunly dabaralary bilen bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde harby okuwçylaryň bilimleri üstünlikli ele almaklary, ýaşaýşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiň mugallymy.