Hazar deňziniň aýratynlygy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününiň halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçilmegi hemmeleriň kalplaryny milli buýsanja gaplady. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.