Kämil tehnologiýaly bilim ojaklary

2 Sentýabr 2024
482

Her ýylda ýurdumyzda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar baglary, orta mekdepler, bilimler dünýäsi bilen bagly dürli desgalar açylyp, ulanylmaga berilýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim ojagy — döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdep açylyp, ulanylmaga berildi. Bu mekdep 750 okuwça niýetlenen üç gatdan ybarat bolan dünýä standartlaryna gabat gelýän interaktiw otaglar, kompýuterler, lingafon enjamlary we beýleki döwrebap tehnologiýalar bilen doly üpjün edilendir.

Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, «akylly» şäherdäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezi açyldy. Merkez 7-nji we ondan ýokary synp okuwçylara niýetlenendir. Onda STEAM (Science, technology, engineering, art, mathematic — ylym, tehnologiýa, inženerçilik, sungat, matematika) usulyýetiniň kömegi arkaly okuwçylaryň takyk ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olarda logiki pikirlenmegi we ylmy sowatlylygy ösdürmek, programmirlemäni öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».