Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, adamda ýüze çykyp biläýjek şikesleriň we ortopediki keselleriň öňüni almakda, olary anyklamakda we bejeriş-dikeldiş işlerini amala aşyrmakda iň öňdebaryjy usullary ulanmak boýunça üstünlikler gazanylýar.
2011-nji ýylyň 21-nji iýulynda paýtagtymyzda Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen şikesleri bejermekde täze barlag we bejergi usullar yzygiderli ornaşdyrylýar. Trawmatolog we ortoped hünärmenler daşary ýurtlaryň ösen lukmançylyk merkezlerinde kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçýärler. Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň kabul ediş bölüminiň ýeňil operasiýalar üçin operasion otag bilen üpjün edilmegi, näsaga gysga wagtda gural we laborator barlaglary geçirmäge, bejerginiň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi.