Bag miwesi datly, şirin

24 Awgust 2024
637

Gadymy Ahalyň giň ýaýlalarynda daş-töwerege özboluşly gözellik goşýan ir-iýmişli bag meýdanlarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň miweli bagy bolsa, bereketli ýaýlada ynsan eli bilen döredilen gözellik bolup, kalbyňy joşdurýar.

Kaka etrabynyň Hywaabat ýaýlasynyň çäginden geçip barýarkaň, agzalan hojalyk jemgyýetiniň miweli bagynda gözüň eglenýär. Bu ýerler çaý-çeşmeli mekan hökmünde bellidir. Ozallar bu ýerde meşhur bagbanlaryň nesli ýaşamak bilen, bag ýetişdiripdirler, şeýdip çarbaglyklar döräpdir. Ýerli toprak-howa şertlerinde ýokumlylygy bilen tapawutlanýan datly miweler bişýär.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.