Ba­lyk­çy­lyk ho­ja­ly­gyn­daky tutanýerli zähmet

17 Awgust 2024
643

Ýur­du­myz­da ba­zar bol­çu­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, hal­ky­my­zy ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ba­lyk­çy­lyk pu­da­gy­na-da mö­hüm orun de­giş­li­dir. Äh­li ugur­lar­da uly ösüş­le­ri na­zar­la­ýan hu­su­sy te­le­ke­çi­ler bu pu­da­gyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Tä­ze ba­lyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň alyp bar­ýan iş­le­ri-de mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dyr­mak ar­ka­ly ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di. «Tä­ze ba­lyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti hem bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri döw­re­bap iş­le­ri ýo­la go­ýup, oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň te­le­ke­çi­le­ri «Han­ho­wuz», «Sa­ry­ýa­zy» suw how­dan­la­ryn­da ça­pak, ke­pir, ki­çi we uly ta­ran, tüň­ňü­maň­laý, ki­çi we uly da­ban, gy­zyl­teň­ňe ýa­ly ba­lyk­la­ry tutup, ila­ta ýo­kum­ly azyk önü­mi­ni ýe­tir­mek­de uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Bu how­dan­lar­da­ky we köl­ler­dä­ki ba­lyk­la­ryň te­bi­gy şert­ler­de kö­pe­lip ýe­tiş­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Ça­ry ÇA­RY­ÝEW.