Möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär

14 Awgust 2024
574

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ýokary derejede ösdürilýär. Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Telekeçiler içerki we daşarky bazarlara ýetirýän giň görnüşli täze önümleri bilen sarp edijileri ýygy-ýygydan begendirýärler. Oba hojalyk ulgamynda miweçilik hem-de üzümçilik hususy öndürijileriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ol köp babatda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi netijesinde ileri tutulýan ugurdyr.

Ogulbäbek NURGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.