Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi

13 Awgust 2024
627

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak ugrundaky kabul eden maksatnamalarynyň çäklerinde Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny goramaklyga, ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyryp, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaklyga uly üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň alyp barýan işleri-de uly ähmiýete eýedir. Bu jemgyýetiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakda alyp barýan işleri, tebigat gözelliklerini gorap saklamak babatda geçirýän wagyz-nesihat çäreleri aýratyn bellärliklidir. Jemgyýetiň ilat arasynda geçirýän her bir çäresi ynsanlaryň kalbynda tebigata aýawly garaýşy ösdürýär. Ajaýyp gözellikleri, täsinlikleri bilen kalbymyza nur çaýýan türkmen tebigaty her birimiziň milli buýsanjymyzdyr, ylham çeşmämizdir.

Asyrlarboýy tebigata aýawly çemeleşen ata-babalarymyz topragy berekediň başy, suwuň her bir damjasyny bolsa altyn dänesi hasaplapdyrlar. Nesillerden nesillere geçen bu asylly garaýyş, tebigata bolan beýik söýgi häzirki döwürde-de üstünlikli dowam edýär. Diýarymyzyň tebigy gözellikleri diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem, dürli ýurtlardan gelýän jahankeşdelerdir myhmanlary-da haýran galdyrýar. Köýtendagyň täsinlikleri, Köpetdagyň gözellikleri, Garagum sährasynyň ajaýyplyklary, paýtagtymyzda we gözel Watanymyzyň ähli künjeklerinde el bilen döredilen bagy-bossanlyklar hiç kimi biparh goýanok.

Dursun MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölümçe müdiri.