Ala­w keşpli ga­ýa­lar

8 Awgust 2024
607

Millionlarça ýyl ozal gadymy Tetis ummanynyň düýbünde hek daş çökündili gaýalar emele gelipdir. Häzirki Hazar deňzi uzak geçmişdäki bu ymgyr suwuň mirasdüşeridir. Şeýle gözel ýerleriň biri «Otly gaýalar» adyny alan daglaryň süňňüne ýerleşen Ýangy galanyň täsin gaýalarydyr.

Balkanabat şäherinden 165 kilometr demirgazykda we Türkmenbaşy şäherinden 160 kilometr günbatarda ýerleşen bu taryhy ýer ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler tarapyndan meşhurdyr. Kert gaýadaky darajyk köwe çyksaň, akylyňy haýran edýän peýzažy synlap ganyp bolmaýar. Ençeme asyr mundan ozal gyzyl, ak, sary we mämişi gatlaklardan emele gelen bu gaýalar tebigy taýdan ajaýyp gurluşy bilen tapawutlanýarlar. Dik eňňitli dar derýa jülgesi bolan bu gaýalaryň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň, ýerli ilat oňa Gyzyldag diýip at beripdir. Gadym döwürlerde dik eňňitli dar derýa jülgesine Garabogaz kölüniň suwy gelip ýetipdir. Syýahatçylar bu ýerlerde balykgulaklaryň we birgeňsi şekillerdäki reňkli daşlaryň bardygyny, onda ençeme gezek gaýtalanýan ýaňlary hiç unutmaýandyklaryny belleýärler.

Güljemile BEDENEÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.