Äýnek dakynmak hökmanmy?

7 Awgust 2024
516

Aýratyn-da, tomus paslynda özümize Günüň ýiti şöhlesinden goraýan äýnek saýlap almaly bolýarys. Günden goranmak üçin dakynylýan äýnekler Günden düşýän ultramelewşe (UV) şöhleleri yzyna serpikdirýär we ultramelewşe şöhleleriň göze zeper ýetirmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de äýnek, belli bir derejede, infragyzyl şöhlelerden goraýar.

Günden goraýan äýneklerde «UV» ýa-da «UV400» diýen ýazgy ýazylýar. Äýnegi dakanyňyzda göz bilen linzanyň aralygy 1,5-2 sm bolmaly. Äýnegi aşa uzakdan dakynmak Gün şöhlesiniň göze zeper ýetirmegine, aşa ýakyn dakynmak göz agyrysyna we kellagyra sebäp bolup bilýär.

Seýitnazar GADAMOW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň müdiri.