Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

7 Awgust 2024
426

Suwuň her damjasyny altyna deňeýän halkymyz oňa gadyr-sarpa goýýar. Ol her bir ösümligiň, janly-jandaryň maddy iýmiti bolup çykyş edýär. Suwsuz durmuşy göz öňüne getirip bolmaýar. Suw teşneligiňi gandyryp, jana şypa berýär.

Ynsan bedeniniň, ortaça, 42 göterimini suw tutýar. Bu görkeziji deňagramly ýagdaýda duranda, beýni sagdyn işleýär. Pikirlenişiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle-de suw adam bedenine zerur bolan birnäçe maddalary özünde jemläp, bedeniň nemlenmegine ýardam edýär. Tüýkülik mäzleriniň döremeginde, bogunlardaky suwuklyklaryň kadaly işlemeginde suwuň täsiri örän uludyr.

Malika KURBANBAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň lukmany.