Gruziýa ýylyň birinji ýarymynda syýahatçylyk pudagyndan 1,9 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30,4 göterim köpdür. Hasabat döwründe Gruziýa daşary ýurtly jahankeşdeleriň 2 milliondan gowragyny kabul etdi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Gruziýa syýahat etmäge baranlaryň sany boýunça Türkiýe birinji, Russiýa bolsa ikinji orny eýeledi.