Gözüň ýadawlygyny nädip aýyrmaly?

2 Awgust 2024
741

Gynansak-da, käbirimize kompýuteriň başynda oturyp kino görmek ýa-da oýun oýnamak, uzakly gün diýen ýaly el telefonlaryny ulanmak endige öwrüldi. El telefonyny, kompýuteri aşa köp ulanmak, gözüň ýadawlygyndan, gyzarmagyndan başga-da, ýakyndan görmezlige eltip bilýär. Şonuň üçin hünärmenler tarapyndan bellenilen göz maşklaryny çagalardan başlap, uly ýaşlylara çenli ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär.

Tehnologiýalar işi ýeňletse-de, kähalatda göze agram berip, ýadadyp bilýär. Gözüňiziň görüjiligini goramak hem-de ýadawlygyny aýyrmak üçin maşklary size hödürleýäris. Şeýle maşklary günüň dowamynda iş wagtynyň aralygynda 3 — 5 minut ýerine ýetirip bilersiňiz.

Mähriban KASYMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri kafedrasynyň kliniki ordinatory.