Ýagyşly köçe

31 Iýul 2024
567

Dünýäde özüniň täsinligi we ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şäherler, binalar we köçeler diýseň kän. Ine, şolaryň biri hem, jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri Dubaý şäheridir. Bu şäherde kenardan iki kilometr uzaklykdaky emeli adalaryň birinde 2023-nji ýylda emeli görnüşde hemişe ýagyş ýagýan köçe halka hyzmat edip başlady.

Şäher ýaşaýjylaryny we myhmanlary haýrana goýýan köçäniň ýokarsy dürli reňkli saýawanlar bilen bezelen. bu ýerde ýöreýänler ýagşyň emeli görnüşde ýagýandygyny duýmaýarlar. Uzynlygy 1 kilometre barabar bolan köçede howanyň temperaturasy 27 gradus derejede saklanýar. Eger howa aşa gyzan ýagdaýynda göze görünmeýän turbalar arkaly ýagýan ýagşyň tempereturasy has hem peseldilýär.

Taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.