Ak leglek, gara leglek

31 Iýul 2024
678

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi örän baýdyr. Olaryň arasynda seýrek duşýan guşlar hem bar. Olaryň biri-de gara leglekdir. Bu täsin guşlar gojaman dagymyzda mesgen tutunyp, onuň gözelligine gözellik goşýarlar.

Leglekler uzyn injikliler maşgalasyna degişli bolup, olar özüne uruglaryň altysyny, görnüşleriň hem on ikisini birleşdirýärler. Biziň sebitimizde bolsa olaryň diňe iki görnüşi: ak we gara leglekler duş gelýärler. Olar özleriniň daşky keşpleri, ýelekleriniň reňkleri boýunça tapawutlanýarlar. Gara leglekler biziň goraghanamyzyň çäginde duş gelýärler. Olar ýitip gitmek howpy abanýan guşlar hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Fahriddin HUDAÝŞUKUROW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.