Ýaşlarda zähmete söýgini terbiýelemek

23 Iýul 2024
769

Ýaşlarda zähmetsöýerlik häsiýetini terbiýelemek, olaryň belli bir hünär edinmegini gazanmak şu günki günde möhüm bolup durýar. Bu aýdylanlary durmuşa geçirmek diňe bir ene-atalaryň, halypalaryň ýa-da mugallymlaryň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň öňündäki esasy ugurlaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen orta mekdeplerde hünäre ugrukdyryş sapaklaryň okadylmagy, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň açylmagy we sanynyň artmagy, edara-kärhanalarda, önümçilik pudaklarynda ýaşlar üçin iş orunlarynyň köpelmegi bu möhüm meseläniň ýurdumyzda oňyn çözülýändiginiň subutnamasydyr.

Owal-ahyrda pederlerimiz çagalaryna kiçiliginden başlap zähmet terbiýesini bermegi esasy wezipeleriň biri hasaplapdyrlar. Biz munuň şeýledigine atalar sözlerinde, nakyllarda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatda aýdyň göz ýetirýäris. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň içinden hem zähmet terbiýesi eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öwüt-nesihata ýugrulan goşgularynda ýaş nesilleri çagalygyndan işe ugrukdyrmak, şeýlelikde, olary durmuşa taýýarlamak meselesini orta atýar. Şahyr özüniň «Ýigide» diýen goşgusynda:

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.