Tebigata söýgi — Watana buýsanç

17 Iýul 2024
660

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azaltmakdan, zeper ýetirmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir» diýlip bellenilýär.

Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz halkara ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerinde daşky gurşawy goramak boýunça möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar, ýygy-ýygydan wajyp başlangyçlardyr teklipler bilen çykyş edýär.

Rustam ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň gözegçisi.