Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi nesilleri pähim-paýhasa ugrukdyryjy synmaz güýje öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejesinde birnäçe medeni, ylmy-amaly, döredijilik maslahatlary, bäsleşikler we beýleki çäreler üstünlikli geçirilýär we şahyryň pelsepe dünýäsini öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işler amala aşyrylýar.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilýär. Mähriban Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Magtymguly diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr». 2022-nji ýylyň noýabr aýynda TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegini, 2023-nji ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegini halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Baş Konferensiýasynyň 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilen 42-nji mejlisinde 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň girizilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Köpetdagyň gözel künjeginde şahyryň monumental heýkeliniň döredilmegi türkmeniň nusgawy şahyryna we onuň edebi mirasyna goýulýan uly sarpanyň miwesidir.