Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

17 Iýul 2024
873

Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlyk babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Aýsoltan BALLYÝEWA,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň daşky gurşawyň gözegçilik laboratoriýasynyň tehnik-himigi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.