Maksatlary aýdyň, ümzükleri öňe

10 Iýul 2024
659

Halaç etrabynyň Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylary ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny kemala getirýärler. Olar geçen ýyl hem 1380 gektar meýdandan 4285 tonna derek 4501 tonna «ak altyn» ýygnadylar. Hojalygyň pagtaçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasylynyň düýbüni hem ykjam tutdular. Olar 1380 gektar meýdana gowaça ekip, şondan meýilnamada görkezilen 4284,9 tonna derek 4500 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.

Gowaçadan ýokary hasyl almak isleseň, onuň idegini kemsiz ýetirmeli. Muňa gowy düşünýän babadaýhanlar häzirki wagtda gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek, iýmitlendirmek, suwarmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu işde daýhan birleşiginiň we etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary pagtaçylara uly ýardam berýärler.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.