Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

9 Iýul 2024
738

Şu ýyl 1 müň 460 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýän «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri gowaçalaryň idegini kemsiz ýerine ýetirip, olaryň kadaly ösüşini, bol hasyl toplamagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaçalara hatarara bejergi işi bilen bir hatarda mineral dökünler berilýär, ösüş suwy tutulýar.

Gowaçaly meýdanlara joýa çekmekde dürli kysymly tehnikalaryň 6-sy işledilýär. Atyzlara joýa çekmekde has-da göreldeli mehanizatorlardan Arazbaý Gurbangylyjowy, Döwletmyrat Käbäýewi, Rahat Togalakowy görkezmek bolar. Daýhan birleşiginiň çäginde gowaçalara ösüş suwuny tutmak üçin suw sorujy enjamlaryň 11-si işledilýär. Suw sorujulara jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olar enjamlaryň hemişe saz işlemegini gazanýarlar. Şeýle hem gowaçalary biologik usulda goramak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaçalara ideg etmek möwsüminde ähli işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy ekiniň kadaly boý alyp, bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.