1929-njy ýylyň iýun aýynda Gyzylarbat şäherinde Amanberdi Amandurdy (ýörgünli ady Saryja) oglunyň we Orazsoltan Aman gyzynyň döwletli maşgalasynda oglan bäbek dünýä inýär. Oňa Orazdurdy diýip at dakýarlar. «Iki aýakly, iki günde» diýlişi ýaly, Orazdurdy kiçiliginden düşbi we zähmetsöýer bolup, ese-boýa galýar. Ol 7 ýaşy dolanyndan Gyzylarbat şäherindäki ýediýyllyk mekdebiň 1-nji synpyna okuwa barýar. 1937-nji ýylda durmuş atly heňňamyň emri bilen Orazsoltan eje 8 ýaşly ogly Orazdurdyny we 7 ýaşly gyzy Gözeli alyp, şol döwürde häzirki Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşen Aşgabat obasyna göçüp gelýär we daýhan birleşiginde zähmet çekip başlaýar. Orazdurdy obadaky 7-nji ýediýyllyk mekdepde okuwyny dowam etdirip, okuwdan boş wagtlary öý we kolhoz hojalygynda ejesine ýardam berip, zähmete werziş bolýar. Oba mekdebiniň göreldeli okuwçylarynyň biri bolmak bilen, kämil bilim almak üçin bolsa häzirki Ahal welaýatynyň Göwşut obasyndaky mekdep-internatda okaýar. Orazdurdy tebigy zehinliligi bilen tapawutlanan bahalar bilen orta bilim alýar.
Mekdep-internaty tamamlansoň, ownuk şahly mallarynyň ferma müdiri Akly Annamyradow zähmetsöýer we sowatly Orazdurdyny fermananyň hasaba alyjysy wezipesine işe belleýär. Ol tabşyrylan işi göwnejaý we öz wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirip, ýaşlygyna garamazdan, ferma müdiriniň we kolhozyň ýolbaşçylarynyň hormatyny gazanýar. Maldarçylyk pudagy bilen bagly işleriň gyrasynda elmydama Orazdurdy Saryjaýewi görmek bolýar. Ol işiniň daşyndan obanyň durmuş we iş tejribelere baý bolan Çoluk aga, Gelen aga, Annamuhammet aga ýaly adamlardan hojalygyň işleriniň inçe syrlaryny yzygiderli öwrenip, bilimini we tejribesini artdyrýar.