Maşgala gymmatlyklary milli öwüşginlerden gözbaş alýar

24 Iýun 2024
565

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär. Bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gymmatlyklaryndaky milli ýörelgelerimizi goramak bilen birlikde, ony döwrebap milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar.

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Her bir maşgalada ata-enäni sylamak, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmak kiçiliginden çagalaryň gursagyna guýmaga çalşylýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämizden gözbaş alýar. Il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bolsa şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir.

Nasiba SOPYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.