Arkadag şäheriniň Sabyr Ataýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu teatryň ajaýyp binasy ak mermer bilen örtülen. Onuň daş-töweregi gök baglar we suw çüwdürimli meýdançalar bilen gurşalan.
4 gatdan ybarat teatryň 1-nji gatynda giň eýwany, naharhanasy we 500 orunlyk tomaşaçylar zaly bar. 2-nji gatynda mejlisler zaly, administrasiýa we grim otaglary, maslahat zaly, şeýle-de tikin sehi ýerleşdirilen. Artistler üçin kiçi taýýarlyk zaly we ses ýazgy studiýasy teatryň 3-nji gatynda bolup, 4-nji gatynda uly taýýarlyk zaly gurnalan. Mundan başga-da, teatr internet ulgamy, sinhron terjime üçin enjamlar, sanly ulgamda ştanketler, aýlanýan sahna, gerekli bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.