Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Döwrüň talabyndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekýän türkmen telekeçileri ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribäni işjeň peýdalanyp, köpugurly önümçiligi ýokarlandyrmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurda gazanýan üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar.
«Täze Aý» hojalyk jemgyýeti indi 20 ýyl bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Şu döwrüň içinde ýeterlik tejribe toplan hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda süýji we şokolad tagamlarynyň 50-ä golaý, keks hem-de kökäniň 150-ä golaý görnüşini öndürýär. «Täze Aý» haryt nyşanly «Sarwan», «Zemin», «Süýji dünýä», «Şowhun», «Süýji durmuş» marmeladlary alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýeti şu ýyl täze «Türkmenistan ülkäm» atly ýörite şokolady alyjylara hödürledi. Bu ýerde şeýle süýjüleriň bir gije-gündizde 160 tonna golaýy öndürilýär.