Ylmyň we innowasiýalaryň ösüşi bütin adamzadyň bagtyýar we ýagty geljegine gönükdirilýär

14 Iýun 2024
865

Taryh ylmy türkmen topragynyň gadymy we orta asyrlarda ylym-bilimiň, medeniýetiň, siwilizasiýanyň ojagy bolandygyny tassyklaýar. Gadymy Merwiň, Horezmiň meşhur kitaphanalary, ylym ojaklary, alymlary, hususan-da, ylym-bilimiň şeýle belent ösüşine Beýik Ýüpek ýolunyň biziň topraklarymyzyň üstünden geçmeginiň oňyn täsir edendigi ylmy edebiýatlarda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we innowasiýalaryň ösüşine aýratyn üns berilýär. Muny her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Ylymlar güni we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylýan dabaralar aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.