Halkara ylmy-tehnologiýa parky:

10 Iýun 2024
865

döwrüň talabyndan ugur alynýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlipdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan giň gerimli dabaralara beslenýän şu ýylda onuň döredilmegine 10 ýyl dolýar. Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, bu merkeziň ady we hukuk ýagdaýy üýtgedildi. Onuň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýlip atlandyrylmagy we halkara derejäniň berilmegi bu ýerde zähmet çekýänleriň, ähli türkmen alymlarynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Durdymyrat GADAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory.