Ylym dünýäsiniň ägirdi

7 Iýun 2024
917

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary indi üç asyr bäri halkymyzyň dilinden düşmän, islendik durmuş meselesinde dogry çözgüde gelmäge ýol görkezýän şamçyrag, älem-jahan barada bilimleri öwrenmäge mümkinçilik berýän paýhas akabasy hökmünde görülýär. Halkymyz şahyryň goşgularynda häzirki döwre çenli dünýä ylmy tarapyndan öwrenilen hadysalaryň we çözülmedik syrlaryň kändigine ynanýar. Beýik filosofyň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda, bu pikiriň hakykatdygy äşgär bolýar. Çünki Magtymgulynyň goşgularynda takyk ylymlaryň kadalaryny düşündirýän setirler hem az däl.

Magtymguly Pyragy goşgularynda Ýer togalagynyň we asman giňişliginiň gurluşy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Akyldaryň «Bu dünýä» diýen goşgusynda:

Maral AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy, fizika we matematika ylymlarynyň kandidaty.