Döwrebap ykdysady ösüş, esasan, üç ugur, ýagny biotehnologiýa, nanotehnologiýa hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň esasynda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak babatda ýokary derejeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamagy ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işlere täze depgin berdi.
Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen innowasion ylmy-tehnologik ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Biotehnologiýa senagat biotehnologiýasyny, genetik we öýjük inženeriýasyny öz içine alýar. Ol oba hojalygynda, senagatda we gündelik durmuşda ulanylýan serişdeleri almakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda ykdysady taýdan bähbitlidir.