Terbiýe — röwşen geljegiň açary

6 Iýun 2024
942

Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaý boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda merdana ýaşlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler hakynda täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen uly mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp  eserinde: «Men «Watan» we «Halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Diýmek, ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamat-dowamymyza, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alyp, biz — mugallymlar ýaşlara döwrebap bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli, kämil terbiýe almagyny gazanmaly. Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlaryna, müňýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli ýörelgämize, Watana, il-güne mynasyp bolan ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmelidir.

Arzuw JUMAGULYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.