Göwni garagumda, yşky ylymda

10 Maý 2024
1186

Ýer ýüzünde onuň aýak yzy galmadyk çöl ýok. Käbirlerine bolsa bir däl, birnäçe gezek hem baryp, olaryň tebigy aýratynlyklaryny ylmy esasda içgin öwrenipdi. Basaňda aýagyň çümüp gidýän gyzgyn çägeli depelerden aşyp öwrenen, özleşdiren maglumatlary asyrlar aşsa-da könelmejek, gymmatyny ýitirmejek kitaplara, ylmy makalalara öwrülip, gyzgyny bilen okyjylara gowşupdy. Şeýdip, kä howur-epgekli, käte bolsa sowuk-aýazly günlerde, dürli yklymlaryň goýnunda ýörelen ýollar, toplanylan tejribeler ony belli alym hökmünde bütin dünýä tanatdy.

Türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan bu alymyň adyny eşitmedik ýok diýen ýaly. Ol — geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, halkara baýraklaryň eýesi, akademik Agajan Geldiýewiç Babaýew. Ykbalyny ylma baglan alym çölleri öwrenmek bilen baglylykda, dünýäniň ençeme ýurdunda iş saparlarynda bolýar. Owal-ahyr türkmeniň ýaşaýyş sallançagyna deňelýän Garagum bolsa onuň üçin has eziz, has mähriban! Çünki Garagum onuň üçin hazynaly huma barabar. Alymyň ylym ýolunyň ilkinji ädimleri-de hut şu ýerden başlanypdy. Garagumda ýadaman-ýaltanman ýörelen ýollar soňra dünýäniň dürli künjeklerindäki Gyzylgum, Tar, Sahara, Gobi, Atakama, Takla-Makan ýaly çöllere çenli uzapdy...

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».