Bütin dünýäde ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleriň örboýuna galýan döwründe «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek we galyndylary gaýtadan işlemek örän möhüm wezipe bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäde awtomobilleriň sanynyň yzygiderli artýan şertlerinde olaryň ulanyşdan galan tekerlerini gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmek ykdysady we ekologik taýdan bähbitlidir. Biz hem paýtagtymyzda ýerleşýän ulanyşdan galan awtomobil tekerlerini gaýtadan işläp, «Eko dünýäsi» haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhananyň mysalynda ekologik işewürligiň täze görnüşi bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.
Ýeňil ýanýan we tebigy şertlerde dargamaýan materialdan taýýarlanylýan tekerler ulanyşdan galyp, zibile taşlananda, daşky gurşawa uzak wagtyň dowamynda ýaramaz täsirini ýetirýär. XX asyryň başynda tekerleriň heniz tebigy kauçukdan ýasalýan döwründe olaryň deň ýarysy gaýtadan işlenilip, täze tekerleri ýasamakda peýdalanylypdyr. Häzirki döwürde awtomobilleriň tekerleriniň 80 göterimi gaýtadan dikeldilmeýän uglewodorod önümlerinden taýýarlanylyp, olaryň diňe birnäçe göterimi gaýtadan peýdalanylýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda dünýä boýunça ulanyşdan galan tekerleriň ýarysyna golaýy zibil taşlanýan meýdanlarda ýakylýan eken. Emma olar ýananda, atmosferanyň düzümine zäherli gazlaryň tutuş toplumy zyňylýar. Ulanyşdan galan tekerleri gaýtadan işlemek bolsa diňe bir daşky gurşawyň abadançylygy üçin däl, eýsem, ykdysady babatda-da ähmiýetlidir. Çünki bu usul gymmatly çig malyň tebigy gorlaryny gorap saklamaga, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, zibilleri saklamak üçin peýdalanylýan ýerleriň umumy meýdanyny azaltmaga kömek edýär.