«Bedew atlar adam ýaly syzýa»

28 Aprel 2024
1060

Atlar adamlar ýaly gürläp bilmeýärler, emma öz aralarynda aragatnaşygy saklaýarlar. Beden dili we özlerine mahsus sesleri bilen «Gaharym gelýär», «Ajykdym», hatda «Seni gowy görýärin» ýaly sözleri duýduryp bilýärler. Gysga wagtlyk okuw arkaly bu at dilini öwrenmek mümkindir. Bar mesele atlaryň öz aralarynda aragatnaşygy saklamak üçin edýän hereketlerini nähili ýormalydygyny öwrenmekden ybaratdyr.

Boýun. Atlar uzyn we muskullak boýnuny dürli maksatlar üçin ulanýarlar. Bularyň iň möhümi bedeniniň deňagramlylygyny saklamakdyr, mundan başga-da, aragatnaşyk saklamak, gaşanmak we mör-möjekleri kowmak üçin ulanýarlar. Atyň halamaýan bir zady bar bolsa, başga bir at ýa-da adam ony biynjalyk edýän bolsa, başyny ýaýkap (mör-möjekleri kowmakdan başga) nägileligini görkezýär.

Döwletmyrat NURMYRADOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.