Seýil edeliň bu jahana!

24 Aprel 2024
968

Meşhur muzeý

Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýän «Köşk» muzeýi 1406 — 1420-nji ýyllar aralygynda gurulýar. Bina ilki şalara niýetlenen köşk bolup, soňra 1925-nji ýylda muzeý hökmünde halk köpçüligi üçin gapysyny giňden açýar. Muzeýiň umumy tutýan meýdany 720 000 inedördül metre deň bolup, uzynlygy 961 metre we ini 760 metre barabardyr. Bu ýerde sungat eserleri bilen birlikde, imperiýa kazyýetiniň eserleriniň hem ençemesi saklanylýar. Şeýle-de, şa maşgalasynyň we köşgüň gündelik durmuşda ulanýan zatlarynyň bu ýerde ýerleşdirilmegi muzeýiň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
«Aşgabat».