Taryhyň şöhratly sahypasy

15 Aprel 2024
727

Taryh — açylmadyk syrly kitap mysaly. Onuň sahypalaryny açdygyňça, taryhyň ummasyz baýlygy, gizlenip ýatan syrly giňişlikleri açylar gider. Ine, türkmen halkynyň baý edebi mirasy hem şol kitap ýaly açylyp, bize taryhyň şöhratly sahypalary barada gürrüň berýär. 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli neşir edilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap ýatan gadymy taryhyndan söz açýan gymmatly eserdir.

2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» bolan Änewiň milli gymmatlyklary, edebi mirasy, ol ýerde saklanyp galan taryhy ýadygärlikleri hakynda giňişleýin söhbet açýan täze kitap hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň baý hem syrly geçmişine bolan söýgüsiniň, hormatynyň ýüze çykmasydyr. Bu eserde Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen topragynda ençeme gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän Änew şäheri barada şeýle dürdäne sözleri belläp geçýär: «Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär».

«Güneş».