Ýagşylyk etmek, ynsanperwerlik, sahawatlylyk, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimiz türkmençiligiň iň ajaýyp häsiýetleridir. Haýyrly işleri goldamak, ýagşy işleriň başyny tutmak halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri bolup, olar nesilden-nesle geçirilýär. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz iliň derdine ýaramak, birek-birege ýardam etmek, dertliniň derdini, bagtlynyň şatlygyny paýlaşmak ýaly ýörelgeleri durmuş tejribesinde kämilleşdirip, geljekki nesillere miras galdyrypdyr. Halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatymyzda berk orun alan ýagşy ýörelgeler ynsanlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrýar. «Sahynyň gapysy açyk», «Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa», «Ber, berekediň artsyn!», «Bereket ondur, onusy-da düzdür», «Haýyr — bereket, nur — rehmet» ýaly atalar sözi hem muny subut edýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerindäki setirler hem ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilendir.
«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri entek uzak wagt geçmedigem bolsa, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän netijeli işler ençeme ojaga, howandarlyga, goldawa mätäç ýüzlerçe çaganyň kalbyna sahawat nuruny eçildi. Ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, gaznanyň müdiriýeti tarapyndan asylly, sahawatly işleriň ençemesiniň amala aşandygy hakynda buýsanç bilen nygtaldy. Dabaranyň öňýanynda lukmançylyk kömekleriniň berilmegi netijesinde, saglygy dikeldilen çagalaryň aýdym aýdyp, tans etmegi, şeýle hem gözel tebigatymyzy, Watanymyzy wasp edýän ajaýyp suratlaryň, öz elleri bilen ýasan dürli şekilleriň sergilenmegi özboluşly häsiýete eýe boldy. Çagalaryň bagtyýarlygyny görkezýän ajaýyp pursatlary synlamak hem diýseň ýakymly duýgulary döretdi. Çagalar özleriniň döredijilik çykyşlary bilen ata Watanymyza bolan söýgüsini beýan edip, arzuwlarynyň amala aşmagynda döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlaryny aýtdylar.