Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.
Şeýle wakalar bolýar, onuň şan-şöhraty yklymlar aşýar. Şeýle wakalar bolýar, taryhyň sahypasynda ebedi orun alyp, halkyň dilinde sena öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem şeýle şanly wakalaryň buýsanç bulagy.