«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň»
atly döredijilik bäsleşigine
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watanymyzyň gözel tebigaty özboluşly janlandyrylýar. Sebäbi akyldar şahyrymyz tebigat gözelliklerine guwanyp, oňa seýli-seýrana çykmagy, dag tebigatyny, düz giňişliklerini, sährany synlamagy gowy görüpdir. Ol öz ýaşan, gezen ýerleri bolan häzirki Magtymguly etrabynyň daglyklarynda seýil edip, şygyr döredipdir. Bu hakda akyldar şahyr bilen bagly rowaýatlarda-da aýdylýar: «Magtymguly oňat eserleri döretmekden ötri, ýaz hem tomus wagtynda döwet galamyny hem depder-kagyzlaryny göterip, Etrek çaýlarynyň owadan kenarlarynda, salkyn saýalarda, gyşyna bolsa daglaryň ömür şemal düşmeýän ýyly gowaklarynda oturyp ýazýar eken».