Tebigatyň waspy

15 Aprel 2024
637

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň»
atly döredijilik bäsleşigine

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň türkmen tebigatynyň gözelligini ussatlarça wasp edenligidir. Daglar, bag-bakjalar, guş-gumrular, çeşme-çaýlar, janly-jandarlar... şahyryň şygryýetinde janly keşpde beýan edilýär. Muny onuň galamynyň astyndan çykan «Soňudagy», «Ýeli Gürgeniň», «Jahan peýda», «Ýaýlahlary bar», «Uçdum ýaranlar», «Bar meniň», «Baglar, heý» ýaly birnäçe goşgulary aýdyň görkezýär. Mysal hökmünde dana akyldaryň mirasynda görnükli orny eýeleýän «Türkmeniň» goşgusyna nazar salalyň.

Aýmelek ŞAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň okuwçysy.