Zehinli gyzjagazlary ýüze çykarýan bäsleşik
Bahar bägülleri kimin owadanja, kebelekler misli enaýyja, bilbiller ýaly saýrak dilli «eýjejikler», ine, bu gün bir ýere jemlendi. Dogry, güller, kebelekler, guşlar — olar tebigatyň, bahar paslynyň gözellikleri. Biziň gürrüňini etjek bolýan «eýjejiklerimiz» — Watanymyzyň bagtyýar körpeleri, zehinlije gyzjagazlary. Şeýle ukyply gyzjagazlary bir ýere jemlän bäsleşik bolsa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşikdir. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan zehinlije gyzjagazlar etrap, Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyrlaryndan saýlanyp, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geldiler. Eýjejik gyzjagazlar bäsleşmäge, şatlanmaga, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkeziniň bezemen sahnasyna çykdylar.