(Bolan waka)
Ýazky dynç alyşda obada ýaşaýan mamalaryna gezelenje giden Aýlar çagalar bilen oýnamak üçin köçä çykdy. Köçäniň gyrasyndaky kölçä ekilen bägüller bu wagt bark urup açylypdy. Aýlaryň naşyja bägüli ysgamak üçin aşak eglenem şoldy, gökje ýorunjalaryň arasyndan çybşyldy eşidildi. Pyşbaga gözi düşen Aýlar begençli seslendi: