Täze dost

15 Aprel 2024
676

(Hekaýa)

Enemiň daýymlara myhmançylyga gitmekçidigini, meni hem ýany bilen äkitjekdigini eşidenimde, birbada ýaýdandym. Bu, elbetde, meniň kän bir myhmançylyga gidip ýörmeýänligimden bolmaly. Öň baryp görmedik ýerim bolmasa-da, ol ýerde joram-a däl, deň-duş tanaýanym hem ýokdy. Daýymyň agtyklarynyň hem hiç biri deň-duşum däl. Enemem ol ýerde bir hepde dagy boljakmyş. Ol: «Öňi-soňy dynç alyş günleri, goý, oba ýerinde oýnap, hezil etsin» diýýär. Joraň bolmasa, gyzykly-gyzykly oýunlar oýnamajak bolsaň, nädip wagtyňy hezillikde geçirjek diýsene. Her niçigem bolsa, enemiň ýanynda daýymlara gidesimiň gelmeýändigini bildirmedim. Şeýdip, meniň paýtagtdan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýaşaýan daýymyň obasyndaky dynç alyş günlerim başlandy.

Sähra BABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiň okuwçysy.