Ýurdumyzda täzeçil iş usullaryny, innowasion tehnologiýalary özleşdirip, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürýän telekeçileriň sany barha artýar. Şeýle hususyýetçileriň biri-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde dürli görnüşli miweleri ösdürip ýetişdirýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetidir. Ekin meýdanlarynda dürli görnüşli miwelerden we 5 gektara barabar ýyladyşhanada banandan bol hasyl alýan hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ýakynda ýurdumyzda ilkinji bolup, «Erem» haryt nyşany bilen sublimirlenen miweleriň önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda «Erem» haryt nyşanly sublimirlenen banan, alma, şetdaly, ýertudana, şeýle hem gawun bölekleri ýurdumyzyň marketlerinde we onlaýn söwda dükanlarynda alyjylara hödürlenilýär. Bizem «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň beren gürrüňleri esasynda sublimirlenen miweleriň öndürilişi we peýdalanylyşy barada taýýarlan ýazgymyzy okyjylara hödürleýäris.
Eýsem, sublimirlenen azyk önümleri näme? Azyk önümleri sublimirlenende, ýörite wakuum enjamynda olaryň düzümindäki suw ilki gaty hala geçip, buza öwrülýär. Soňra bolsa buz suwuklyga öwrülmän, gönümel gaz halyna geçýär. Bu usul konserwirlemegiň konserwantlary talap etmeýän ýeke-täk görnüşidir. Sublimirlenen önümleriň agramy azalyp, gabarasy kiçelýär, ýaramlylyk möhleti bolsa artýar.