Gan kesellerinden goranalyň!

5 Aprel 2024
839

Žurnalist Narjan Kasymowa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki gan keselleri bölüminiň müdiri Zibagözel Amanowa bilen gan ulgamynyň howply keselleriniň biri bolan leýkoz barada söhbetdeş boldy.

— Gany emele getirýän agzalaryň täze döremeleri «gemoblastozlar» diýlip atlandyrylýar. Olara leýkoz, limfogranulomatoz, howply limfomalar degişlidir. Gemoblastozlaryň iň köp duş gelýäni leýkozdyr.