Baş maksat – ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek

25 Mart 2024
939

Halkymyzyň giňden ýazylan saçaklaryny bezemekde süýji hem-de köke önümleri örän ähmiýetlidir. Birek-biregiň doglan günlerini, şatlykly senelerini şol datly önümler bilen gutlamak has-da ýakymly. Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna, dükanlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň ençemesiniň öndürilip, alyjylara hödürlenýändigine oňat göz ýetirýärsiň. Munuň şeýledigine «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýeti hem aýdyň mysal bolup biler.

Işe başlanyna kän ýyl bolmadyk hem bolsa özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen bu hojalyk jemgyýeti halkymyzyň uly isleglerine mynasyp boldy. Söwda merkezlerine baranymyzda, «Kilwanyň» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Bu bolsa olaryň gysga wagtyň içinde tutanýerli zähmeti bilen halkymyzyň söýgüsini gazanandygyndan habar berýär. Sarp edijilere hödürlenýän bu harytlar özleriniň datlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy, gelşikli gaplara gaplanmagy bilen özüne çekýär. Bu ýerde ilkibaşda diňe «Seýrana», «Altyn däne», «Pasyllar» atly şekerli kökeler öndürilip başlanam bolsa, häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 100-e golaýlady. Olardan «Wasp» karamel huruşly şokolad örtülen petir kökesi, «Mardop» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökesi, «Kesp» huruşly şekerli kökesi, «Rende» huruşly şekerli kökesi öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, beýleki önümlere hem müşderiler tarapyndan islegler ýokarydyr. «Kilwan» haryt nyşanly ýokary hilli tagamlar 2017-nji ýyldan bäri türkmen desterhanynyň berekedine bereket goşup gelýär. Bu önümleriň düzüminde goşundynyň ýoklugy esasy agzap geçmeli zatlaryň biridir. Öndürilýän kökedir waflileriň hyrydarlary, esasan, çagalardyr. Galyberse-de, bu harytlar beýleki süýji önümlerinden birjik-de pes bolman, eýsem özüniň datlylygy bilen ýurdumyzyň çäginden daşary — dünýä bazarynda hem mynasyp ornuny tapdy.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy.